Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Raşid Meredow Türkiýäniň daşary işler ministri bilen duşuşdy

18:1214.08.2024
0
11170
Raşid Meredow Türkiýäniň daşary işler ministri bilen duşuşdy
Surat: trthaber.com

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ankarada Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşdy. Bu barada Türkiýäniň daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Diplomatik çeşmeler ministrleriň gol çekilmeli täze şertnamalar, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky ykdysadyýet pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşandygyny habar berýär.

Beýanatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen 5 milliard dollarlyk söwda mukdarynyň bardygy mälim edildi we ony ýokarlandyrmak barada pikir alyşyldy.

Şeýle hem türkmen tebigy gazynyň Türkiýä we Ýewropa bazarlaryna iberilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine baha berlendigi bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň