Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Portugaliýada Roberto Martinesiň ýanynda tejribelik geçer

17:0614.08.2024
0
17153

Şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazowyň Portugaliýanyň milli ýygyndysynda Robetro Mrtinesiň ýanynda tejribelik sapaklaryny geçmegine garaşylýar.

«GDA-nyň sesi» radiosynyň habar bermegine görä, bu tejribelik sapaklary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň AFK we UEFA bilen hyzmatdaşlyklaryň çäginde amala aşyrylar. Tejribelik sapaklarynyň çäklerinde milli ýygyndymyzyň baş tälimçisiniň Portugaliýanyň ýygyndysynyň sentýabr aýyndaky türgenleşiklerine tomaşa etmegine garaşylýar.

Şeýle hem türkmenistanly tälimçi Ýewropanyň çempiony bolan ýygyndynyň ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisine gatnaşar.

Radiotolkun bu sapaklar barada UEFA-nyň halkara derejeli tälimçisi Gennadiý Skutulyň Aşgabada saparynyň çäklerinde maglumat berendigini habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň