Ispaniýanyň «Real» we Italiýanyň «Atalanta» futbol toparlarynyň arasynda geçiriljek UEFA-nyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk bilen Ýewropada täze futbol möwsümine badalga berler. Duşuşyk Madrid şäherine wekilçilik edýän toparyň ýeňşi bilen tamamlanaýsa, topar bu Kuboga iň köp gezek mynasyp bolan topar hökmünde taryha girer. Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk şu gün, 14-nji awgustda Warşawa şäherinde geçiriler. Onuň Aşgabat wagty bilen 23:55-de başlanmagyna garaşylýar.
Çempionlar ligasynyň geçen möwsüminiň çempiony «Real» taryhynda bäş gezek UEFA-nyň Naýbaşy kubogyna mynasyp bolupdy. Edil şeýle üstünlik «Barselona» we «Milan» toparlaryna hem mahsus. Şonuň üçin hem şu gije geçiriljek duşuşykda «Real» ýeňiş gazanaýsa, Naýbaşy kubok babatynda ýeketäk rekordyň eýesi bolar.
«Atalanta» bolsa taryhynda ilkinji gezek Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyga gatnaşýar. Bergam şäherine wekilçilik edýän topar Ýewropa ligasynyň finalynda nemesleriň «Baýerinden» üstün çykyp, bu duşuşyga gatnaşmaga hukuk gazanypdy.
Duşuşykda «Realyň» fransiýaly hüjümçisi Kilian Mbappeniň çykyşyna bolsa aýratyn üns gönükdiriler.