Top.Mail.Ru

Budapeştde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy

21:3508.08.2024
0
10518

Wengriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin türkmen suratkeşleriniň, medeni we sungat işgärleriniň, kino pudagynyň wekilleriniň, muzeý hünärmenleriniň we žurnalistleriň uly döredijilik wekiliýeti Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Budapeşte iberildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, dabaraly çäreler başlanmazdan öň oňa gatnaşyjylar guralan sergini synladylar, ol ýerde milli sazyň owazy astynda ýurduň muzeý gymmatlyklary, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty bilen tanyşdylar.

Döredijilik çäresiniň açylyş dabarasynda çykyş edenler Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilen çäreleriň türkmen-wenger gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakdaky möhüm ähmiýetini bellediler.

Wengriýadaky Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde ýurduň wekiliýeti 9 — 11-nji awgust aralygynda Bugaç şäherinde geçiriljek gün we türki halklaryň gadymy däp-dessurlarynyň goralyp saklanmagy we sähra çarwa medeniýetleriniň gaýtadan dikeldilmeginiň baýramçylygy bolan gurultaý-festiwala gatnaşar.

Şeýle hem beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligiň açylyş dabarasy bolar.

Wengriýadaky Türkmenistanyň Medeniýet günleri 11-nji awgusta çenli dowam eder diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň