Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen arheologlary Köneürgençde ýyldyz şekilli täsin desganyň üstünden bardylar

11:1108.08.2024
0
6772

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy, arhitektura ylymlarynyň doktory Muhammetdurdy Mämmedowyň ylmy ýolbaşçylygyndaky arheologik topar «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hasabyndaky şäher merkezinden günorta tarapa ýaýlyp gidýän arhitektura ýadygärlikler toplumynda ýerleşýän «Kerwensaraý» ýadygärliginiň gurluşyk maksadyny anyklamak, ony ylmy dolanyşyga girizmek işlerine başlady. Bu barada «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýolbaşçysy Parahat Aşyrowyň «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda aýdylýar.

Makalada bellenilişi ýaly, orta asyrlara degişli bolan binanyň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, ýadygärligiň diwar galyndylarynda orta asyr kerwensaraýlaryna mahsus aýratynlyklar ýüze çykarylmady. Günbatar peştagdan 35,5 metr günorta uzaýan esasy diwara birleşdirilip örülen diwar gündogara 90 derejede öwrüm etdirilip gurlupdyr. Demirgazykdan günortalygyna uzan diwaryň gündogar öwrüminiň günbatar tarapynda 22x22x5 ölçegdäki bitin we döwük bişen kerpiçli, diametri, takmynan, 12 metre deň bolan ýyldyz şekilli köpburçly, hünärmenleriň çaklamalaryna görä, ýurduň çäginde henize çenli gabat gelinmedik täsin desganyň üstünden baryldy.

Häzirki wagtda ymaratyň 10 burçy ýüze çykaryldy, burçlarynyň aralygy 1.06 metre deňdir. Onuň konus görnüşinde örülendigini we ölçeglerini nazarda tutup, bu binanyň gorag ýa-da başga maksatly minarasynyň bolan bolmagy ähtimal diýlen netijä gelinýär. Günbatardan gündogara tarapky diwaryň ini 190 santimetr bolup, demirgazykdan günorta tarapky diwardan 0.40 santimetr inlidigi aýan edildi. Bu diwaryň beýleki diwardan tapawutly bolmagy, ýanaşyk gurlan minarasynyň köp gyraňly, adaty däl nusgada gurlandygy, binanyň iç tarapyndaky diwaryň özünde tagça görnüşinde mährabyň ýa-da başga-da dolandyryş binalaryna mahsus bezegleriň bolmagy mümkin diýlen çaklamany döredýär.

Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň alymlary bilen «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleriniň we ussalarynyň bilelikde geçiren gazuw-barlag, rejeleýiş, berkidiş işleriniň netijesi ýadygärligiň kerwensaraý däl-de, eýsem, Horezmşalar döwletiniň gür ilatly paýtagty bolan Köneürgenç şäheriniň baş metjidiniň ýa-da döwleti dolandyrmakda esasy ähmiýete eýe bolan dolandyryş ymaratlarynyň biri bolandygyna güwä geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň