Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde halkara talaplara doly laýyk gelýän iki sany täze gury ýük gämileriniň gurluşygyna girişildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Täze guruljak gämileriň dünýä standartlaryna laýyklykda, halkara ýüzüşleri amala aşyrmaklaryny ýola goýmak maksady bilen, Klasifikassion jemgyýetleriň halkara assosiasiýasy tarapyndan kabul edilmegi üçin resmileşdiriş işleri hem alnyp barylýar.
Zawodyň işgärler düzümini taýýarlamak babatynda täze taslama boýunça gämi gurluşygyna degişli 300-den gowrak adamyň işledilmegi göz öňünde tutulyp, koreý kompaniýasynyň bilermenleri tarapyndan 2 aý möhletli ýöriteleşdirilen okuw sapaklary we türgenleşikleri geçirildi.
Gurulmaly gämilere degişli materiallaryň we ätiýaçlyk şaýlaryň ilkinji tapgyry Koreýa Respublikasyndan getirilip, gämi gurluşygyna taýýarlykly girişildi. Bu möhüm taslamany amala aşyrmaga gatnaşýanlaryň 90 göterimden hem gowragynyň ýerli hünärmenlerden ybaratdygyny aýratyn nygtamak gerek. Olar bu ugurda uly tejribe toplap, geljekde dünýä ülňülerine laýyk gelýän gämileri gurmagy doly derejede başararlar. Gurluşygyna girişilen gury ýük gämileriniň uzynlygy 123, ini 16,5 metr, bortunyň beýikligi bolsa 8,3 metr bolup, olar ýükleriň dürli görnüşlerini daşamakda örän amatlydygy bilen tapawutlanýar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gury ýük gämilerini gurmak hakynda» kabul eden Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine iki sany gury ýük gämilerini gurmak barada «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Şu Kararyň esasynda, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.» kompaniýasy bilen her biriniň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna bolan iki sany gury ýük gämilerini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak babatynda degişli şertnamalary baglaşdy.