Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika ministrleriniň ilkinji duşuşygy boldy

09:3507.08.2024
0
8302
Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika ministrleriniň ilkinji duşuşygy boldy
Surat: newscentralasia

Gazagystan Merkezi Aziýa ýurtlaryny energetika pudagynda taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge çagyrýar. Bu barada Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýew sebitiň energetika edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda aýtdy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Almasadam Satkaliýew pudagyň esasy meseleleri hökmünde nebitiň we gazyň nyrhlarynyň üýtgäp durmagyny görkezdi. Respublikalaryň ilatynyň artmagyny hasaba almak bilen, energiýa serişdeleri bilen ygtybarly üpjün etmek babatda energiýa kuwwatlyklaryny artdyrmak, pudaga «akylly» elektrik üpjünçilik we saklanyş ulgamlaryny ornaşdyrmak gerek. Energiýa kooperasiýalaryny döretmekde ilkinji ädimler eýýäm ädildi.

«Biz Azerbaýjan we Özbegistan bilen bilelikde, ýaşyl elektrik energiýasyny ösdürmek we üpjünçilik boýunça ählumumy taslamany durmuşa geçirmäge başlaýarys. Biz Gyrgyz Respublikasynda Özbegistan Respublikasy bilen bilelikde, iri «Kambaratinsk SEB-1» suw elektrik bekedini gurmak barada işjeň pikir alyşmalary geçirýäris. Täjigistanda Rogun SEB-ini gurmak boýunça taslama ara alnyp maslahatlaşylýar» diýip, Gazagystanyň energetika ministri gürrüň berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejebow Aşgabadyň eneretika pudagynda hyzmatdaşlyk etmeginiň mümkinçilikleri we ýurduň baý mümkinçilikleri barada çykyş etdi.

Energetika ministrleri Astanada Jemleýji resminama gol çekdiler. Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň indi sebitde energiýa kynçylyklaryny bilelikde ýeňip geçjekdiklerini aňladýar. Şeýle tagallalaryň baş maksady arzan, ygtybarly we häzirki zaman energiýa çeşmelerine umumy elýeterliligi üpjün etmekden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň