Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Çeper» tikin fabriginiň önümleri Türkmenistandaky mekdep bazarlaryna çykaryldy

10:4106.08.2024
0
11112

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginiň işgärleri köp sanly mekdep eşiklerini taýýarlaýarlar.

TDH tarapyndan berilýän habara görä, tikin fabrigiň işgärleri ýurduň içinde açylan mekdep ýarmarkalaryna işjeň gatnaşyp, mekdep lybaslarynyň köp dürlüsini hödürleýärler.

Önümleriň içerki bazarda bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün etmek üçin fabrik dünýä belli öndürijileriň häzirki zaman köpugurly tikin enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Tikin fabriginiň şu günki görnüşi çagalar we ulular üçin onlarça eşik, düşek, ýorgan we öý dokma önümlerini öz içine alýar. Şu ýylyň başyndan bäri, tikin fabriginde 10 million manatdan gowrak önüm öndürildi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň