Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny deňme-deňlik bilen geçirdi

12:0405.08.2024
0
10242

Azerbaýjanyň futbol çempionatynyň açylyş tapgyrynda Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky «Turan-Towuz» futbol topary «Neftçi» bilen deňme-deň oýnady. «Azerisport» neşiriň duşuşygyň 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanandygyny habar berdi.

Duşuşykdan soň Gurban Berdiýew oýun baradaky pikirlerini beýan etdi. Ol garşydaşyň güýjüniň duşuşygy kynlaşdyrandygyny aýratyn nygtady. Tälimçi oýunçylarynyň fiziki ýagdaýyndan hoşal, ýöne olardan heniz hem kämilleşmegi talap edýär. «Şunda oýunlarymyzyň az bolmagy öz täsirini görkezýär» diýip, ol bu aýratynlyga ünsi çekdi.

«Turan-Towuzyň» tälimçisi, aslynda, özleriniň ýeňşe garaşandyklaryny aýtdy. Ýöne möwsümiň başynda duşuşyklaryň garaşylanyndan kyn geçmegi adaty ýagdaýdyr.

«Turkmenportal» size Gurban Berdiýewiň Azerbaýjandaky ilkinji duşuşygynyň wideoteswirini hem hödürleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň