Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Aşgabat» futbol topary BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýar

12:2703.08.2024
0
16949

«Aşgabat» futbol topary şu günler täze baş tälimçisi Tofik Şukurowyň ýolbaşçylygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýar. Bu ýygnanyşyk 10 günläp dowam eder.

Tofik Şukurowyň milli çempionatyň birinji ýarymynda «Köpetdagyň» baş tälimçisi bolup işländigini ýatladýarys. Ol «Aşgabatda» ozalky tälimçi Said Seýidowyň ornuna geldi.

BAE-däki ýygnanyşykdan soň «Aşgabat» futbol topary Türkmenistanyň çempionatyndaky duşuşyklaryny dowam etdirer. Topar üçünji aýlawdaky ilkinji duşuşygyny 16-njy awgust güni «Köpetdag» bilen geçirer.

Yzda galan iki aýlawda 16 utuk toplap bilen «Aşgabat» ýaryş tertibinde altynjy orny eýeleýär. Täze baş tälimçiniň öňünde çempionatyň galan böleginde netijeli çykyş etmek wezipesi goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň