Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Braziliýada dünýäde iň goja işçi aradan çykdy

12:1903.08.2024
0
10932

Iň uzak ýaşly işçi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen braziliýaly Walter Ortmann 102 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň 86 ýyllap zähmet çeken «RenauxView» tikinçilik kärhanasyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.

Ortmann bu kärhana 15 ýaşyndaka, 1938-nji ýylda işe girdi. Ol dirikä, habarçylara beren gürrüňinde fabrigiň direktorynyň Germaniýadan getiren ilkinji elektron hasaplaýjysyny ýatlap, ilki bu tehnologiýa ynanman, hasaplary özbaşdak geçirendigini gürrüň beripdir. Braziliýaly şeýle-de nädip oňat we uzak ýaşamalydygynyň syrlaryny paýlaşypdyr. Onuň gürrüň bermegine görä, öz saglygy barada yzygiderli aladalanypdyr, her dört aýdan saglyk barlagyndan geçipdir. Ortmann şeýle hem iýip-içmäge ünsli çemeleşmegi, ukyňy wagtynda almagy hem-de stresden gaça durmagy maslahat beripdir.

«Ruhubelent bol. Öz göwnüňe ýaraýan iş bilen meşgullan. Ömür diýeniň geçegçi. Onuň gadyryny bil, göwün islegiňe görä ýaşa» diýip, ol öwüt beripdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň