Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň welaýatlarynyň birnäçe etraplarynyň häkimlerini, ynanylan wezipäni oňarmandyklary üçin, eýeleýän wezipelerinden boşatdy we olaryň ýerine täze häkimleri wezipä belledi. Döwlet Baştutany degişli Permanlara şu gün — 31-nji iýulda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna laýyklykda, hususan-da:
Orazow Perhat Annagurbanowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Serdar Orazmyradowiç Ataýew bellenilip, ol Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Baýgeldiýew Guwançmyrat Kakalyýewiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Guwançmyrat Orazmyradowiç Ýazmyradow bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Hojaýew Serdar Töräýewiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Arçyn Japardurdyýewiç Ýegendurdyýew bellenildi.
Seýidow Astanogly Kullyýewiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Rustam Narkulyýewiç Jumaýew bellenildi.
Gylyjow Saparmyrat Aşyrowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Maksat Kakabaýewiç Amanmyradow bellenilip, ol Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Goşaýew Muhammetmyrat Tagandurdyýewiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Muhammetdurdy Rahmatullaýewiç Mämiýew bellenilip, ol Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Agamyradow Agamyrat Berdimyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Ýazmyrat Gurbangeldiýewiç Çaryýew bellenildi.