Soňky habarlar

Arhiw

«Astana» diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny Gazagystanyň 2024-nji ýyldaky iri sergilerine çagyrýar

12:4229.07.2024
0
7742

«Astana» diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny 2024-nji ýylda Gazagystanda geçiriljek sergileriň birnäçesine gatnaşmaga çagyrýar. Gurama Türkmenistandaky kärhanalar üçin halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we işewürlikleriniň çygryny giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçiligi hödürleýär.

Gazagystanda bütin ýylyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny öz içine alýan birnäçe sany iri pudaklaýyn sergiler geçiriler. Olaryň hatarynda şulary bellemek bolar:

Elektronika we hojalyk tehnikasynyň «HomeTech & Electra» halkara sergisi (Almaty, Atakent)

  • Geçiriljek senesi: 30-njy iýuldan 1-nji awgusta çenli

CCFK 2024 China (EXPO Center Astana)

  • Geçiriljek senesi: 23 — 25-nji awgust aralygy
  • Hytaý harytlarynyň Gazagystandaky sergisi — Elektronika harytlary, oba hojalyk tehnikalary, dokma senagaty

KazBuild (Almaty, Atakent)

  • Geçiriljek senesi: 4 — 6-njy sentýabr aralygy
  • Tematikasy: Gurluşyk we interýer

AquaTherm (Almaty, Atakent)

  • Geçiriljek senesi: 4 — 6-njy sentýabr
  • Tematikasy: Ýyladyş, suw üpjünçiligi, arassaçylyk, howalandyryş we howa çalşygy

MinincMetals (Almaty, Atakent)

  • Geçiriljek senesi: 17 — 19-njy sentýabr
  • Tematikasy: Mineral gazylyp alynýan serişdeleriň gözlegi we dag magdan enjamlary

KazComak (Almaty, Atakent)

  • Geçiriljek senesi: 17 — 19-njy sentýabr
  • Tematikasy: Ýol we agyr gurluşyk, jemagat hojalygy enjamlary

KIOGE (Almaty, Atakent)

  • Geçiriljek senesi: 25 — 27-nji sentýabr
  • Tematikasy: Nebit we gaz

Transport & Logistics (Astana, Expo Centre)

  • Geçiriljek senesi: 9 — 11-nji oktýabr
  • Tematikasy: Ulag we logistika

Powerexpo (Almaty, Atakent)

  • Geçiriljek senesi: 30-njy oktýabr — 1-nji noýabr
  • Tematikasy: Energetika, elektrika enjamlary we maşyn gurluşygy

AgroWorld Kazakhstan (Almaty, Atakent)

  • Geçiriljek senesi: 30-njy oktýabr — 1-nji noýabr
  • Tematikasy: Oba hojalygy

Cold Storage, Transportation and Cold Chain Services (Almaty, Atakent)

  • Geçiriljek senesi: 30-njy oktýabr — 1-nji noýabr
  • Tematikasy: Sowuk saklamak, daşamak we sowuk zynjyr hyzmatlary

FoodExpo Qazaqstan (Almaty, Atakent)

  • Geçiriljek senesi: 13 — 15-nji noýabr
  • Tematikasy: Azyk senagaty

QazPack (Almaty, Atakent)

  • Geçiriljek senesi: 13 — 15-nji noýabr
  • Tematikasy: Gaplamak, gaplar, haryt bellikleri

HoRex (Almaty, Atakent)

  • Geçiriljek senesi: 13 — 15-nji noýabr
  • Tematikasy: myhmanhanalar, restoranlar we supermarketler üçin ähli zatlar

«Zemin Syýahat» hojalyk jemgyýeti ähli guramaçylyk meselelerini, şol sanda myhmanhanalary bronlamak, wiza goldawy, geçirimler we sergilerde hasaba alynmak ýaly meseleleri öz üstüne alýar. Kompaniýa munuň türkmen kärhanalary üçin gazanan üstünliklerini görkezmek, täze hyzmatdaşlary tapmak hem-de eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikdigini nygtaýar.

Gyzyklanma bildirýän kompaniýalara has giňişleýin maglumat almak we sergilere gatnaşmak üçin «Zemin Syýahat» hojalyk jemgyýeti bilen habarlaşmak maslahat berilýär:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Ý.Durdyýew köçesi, 48-nji jaý;
  • telefon belgileri: (+993 62) 60 68 85, (+993 62) 94 85 60;
  • elektron poçta salgysy: info@zemin-tours.com

Çäreleriň geçiriljek senesiniň üýtgäp biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň