Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly alymlara ýowşanyň efir ýagyndan ýasalan melhem üçin patent berildi

10:4829.07.2024
0
14431

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan endemiki dermanlyk ösümlik bolan türkmen ýowşanynyň efir ýagy esasynda bir göterimlik melhem öndürendikleri üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň derman önümçiliginiň tehnologiýalarynyň barlaghanasynyň alymlaryna çäkli patent berildi.

HHM-niň berýän habaryna görä, dermanlyk melhemiň döredijileri himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamow, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Allamyrat Akmyradow we aspirant Berdi Berdiýewdir.

Degişli melhem täsirli farmakologiki häsiýete eýe bolup, myşsalarda we bogunlarda agyryny hem-de çişi azaltmak üçin deriniň ýüzüne çalynýar. Melhem deri ýokançlaryny bejermekde ulanylýan antiseptik, şeýle hem çişmä garşy we antifungal serişdesi hökmünde ulanylyp bilner.

Çeşmäniň bellemegine görä, melhem gan aýlanyşyny kadalaşdyrmak we ýaranyň çalt bejerilmegini üpjün etmek üçin zerur häsiýetlere eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň