Soňky habarlar

Arhiw

«Idea+»: Belarusuň ýokary okuw mekdeplerine resminamalary kabul edişlik dowam edýär

10:4129.07.2024
0
8100

«Idea+» agentligi Belarus Respublikasynyň dört sany abraýly ýokary okuw mekdebine 2024-2025-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edişligiň dowam edýändigi barada habar berýär. «Idea+» agentligi Belarusuň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň Türkmenistandaky öňdebaryjy resmi wekili hökmünde geljekki talyplara şu aşakdaky bilim edaralarynyň bilim beriş mümkinçiliklerine üns çekmegi teklip edýär:

- Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti (BDLU)

- Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti (BDIweRU)

- Belarus milli tehniki uniwersiteti (BMTU)

- Ýanka Kupala adyndaky Grodnen döwlet uniwersiteti

Belarusuň ýokary okuw mekdepleri her ýylda talyplaryň köp sanlysyny okuwa kabul edip alýar. Okuw maksatnamalary öňdebaryjy tehnologiýalar göz öňüne tutulyp işlenip düzülendir hem-de birnäçe dillerde (rus, iňlis, belarus) hödürlenilýär.

Belarusuň uniwersitetleri halkara standarlaryna laýyk gelýän, elýeterli we ýokary hilli bilim beriş ulgamyny hödürleýär. Belarus Respublikasynda bilim almagy saýlamagyň peýdasyna esasy deliller hökmünde okadylyşyň tapawutly hilini, töleginiň elýeterli bolmagyny hem-de okatmagyň innowasion ulgamyny görkezmek bolar.

«Idea+» agentligi potensial dalaşgärleriň ünsüni Belarusuň ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň 25-nji awgusta çenli kabul edilýändigine çekýär. Şeýle hem, görkezilen ýokary okuw mekdeplerinde alynýan talyp orunlarynyň sanynyň çäklidigini bellemek gerek.

«Idea+» agentligi Belarusuň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmekde oňaýly şertleri döredýär we Türkmenistandan bu ýokary okuwlara girmäge isleg bildirýän dalaşgärlere ýokary derejede ýardam bermäge taýýardyr. Agentligiň hünärmenleri ýokary okuw mekdebini we hünäri saýlamak meselesinde degerli maslahatlary berýärler, şeýle hem gerekli bolan resminamalary toplamakda we düzetmekde ýardam ederler.

Gyzyklanma bildirýänler goşmaça maglumatlary «Idea+» agentligi bilen (+993 71) 51 84 37, (+993 71) 55 04 85 telefon belgileri arkaly habarlaşyp alyp bilerler. Maslahat beriş hyzmatyna ýazylmak üçin salgylanma arkaly anketany doldurmak teklip edilýär.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň