Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine ilaty göçürip getirmek meselelerine ünsi çekdi

02:2929.07.2024
0
53395

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek bilen baglanyşykly işleriň talabalaýyk derejede dowam etdirilýändigi we bu işleriň yzygiderli üns merkezinde saklanylýandygy barada aýtdy.

Gahryman Arkadag şäherde abadanlaşdyryş işleri bilen bir hatarda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, olary göçürip getirmek meselelerine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri berkarar türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň aýdyň mysaly bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary görkezijilerine doly laýyk gelýär. Ýurtda ilkinji «akylly» şäher derejesine eýe bolan döwrebap şäheriň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy taslama taýýarlaýjylara we gurluşykçylara bildirilýän esasy talapdyr.

Arkadag şäheriniň ýaşlaryň hem-de döredijiligiň şäheridigini, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerinde döwrüň döredijilik mümkinçilikleriniň we ýaşlaryň täzeçil garaýyşlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda alnyp barylýan işleri üstünlikli dowam etmegi tabşyrdy.

"Desgalar gurlanda we timarlaýyş işleri geçirilende, ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologik, bezeg aýratynlyklaryny nazara almak bilen, berkligi we amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr. Binalaryň keşbinde, içki bezeginde milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykda binagärlik, bezeg ulgamyndaky gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapmalydyr" diýip, Gahryman Arkadag aýtdy. Bu barada TDH ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň