«Zyýat Hil» konditer dükanlary assortimenti we aksiýalary bilen haýran galdyrýar

10:3027.07.2024
0
4836

«Zyýat Hil» konditer önümleriniň dükanlar tory müşderilerini giň haryt görnüşleri hem-de amatly aksiýalary bilen begendirýär. Bu ýerde her kim klassiki tortlardan başlap datly kökelere çenli öz islegine laýyk süýjüligi tapyp biler.

Aşgabat şäheriniň hem-de Gökdepe etrabynyň ýaşaýjylary 150 manatdan az bolmadyk möçberde süýjülik sargyt etmek bilen, eltip bermek hyzmatyndan tölegsiz peýdalanyp bilerler. Bu öýden çykmazdan öz halaýan süýjüligiňden lezzet almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

«Zyýat Hil» öz alyjylary üçin hemişe yzygiderli aksiýalary geçirýär. Dükanyň doglan güni dynç güne düşýän müşderilere hödürleýän teklibi aýratyn bellärliklidir. Oňa laýyklykda, doglan güni ýekşenbä gabat gelýän müşderiler Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän «Seýran» söwda merkezindäki «Zyýat Hil» dükanyndan torty 50% arzan bahadan satyn alyp bilerler.

Mundan başga-da, konditer dükanlary ynsan ömrüniň iň esasy dabarasy bolan durmuş toýuny ýatdan çykmajak pursatlara beslejek toý tortuny hem taýýarlap berýärler.

«Zyýat Hil» dükanlaryna baryp, tagamly we ýokary hilli süýjüliklerden lezzet alyň:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 и (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Zyýat Hil» konditer önümleriniň dükanlary her gün sagat 8:00-dan 22:45-e çenli, dynç günsüz işleýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň