Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«GREENGO» spot çyralarynyň täze kolleksiýasyny hödürleýär

12:0626.07.2024
0
10095

«GREENGO» yşyklandyryş enjamlarynyň dükany öýleriniň we ofisleriniň aýdyň yşyklandyrylmagy üçin häzirki zaman çözgütlerini gözleýän müşderileriň göwnünden turjak spot çyralarynyň täze tapgyrynyň gelendigini habar berýär.

Spotlaryň täze kolleksiýasy iki hili klassiki reňkde — ak we gara görnüşde hödürlenýär. Bu köptaraply reňkler isle minimalistik döwrebap gurşaw bolsun ýa-da has adaty dizaýn bolsun, çyralary islendik interýerde sazlaşdyrmagy aňsatlaşdyrýar.

«GREENGO» dükanynda alyjylara ýetirilýän spot çyralary özüniň ýokary hili we köptaraplylygy meşhurdyr. Olar ýörite yşyklandyryş mümkinçiliklerini üpjün edýär, bu bolsa olary ýaşaýyş ýerlerinde, galereýalarda, dükanlarda we interýeriň käbir içki elementlerine aýratyn ähmiýet bermeli bolan beýleki ýerlerde aksent yşyklandyryşy üçin iň amatly saýlawa öwürýär.

Alyjylar «GREENGO» dükanyndaky täze spot kolleksiýasy bilen eýýäm şu wagtyň özünde tanşyp bilerler.

Täze spotlardan başga-da, «GREENGO» dükany dürli görnüşli lýustralar hem-de energiýa tygşytlaýjy lampalar ýaly köp sanly yşyklandyryş önümlerini hödürleýär.

Şular bilen birlikde hem, «GREENGO» dükanyndan bezeglik gülçyralary, «akylly» yşyklandyryş ulgamlary, rozetkalary, uzaldyş simlerini we başga-da dürli hili öý yşyklandyryş we elektrik önümlerini tapmak bolýar. Dükanyň işine ussatlyk bilen çemeleşýän hünärmenleri müşderilere yşyklandyryş zerurlyklary babatda iň amatly çözgüdi saýlap almaga kömek etmäge hemişe taýýardyrlar.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), «Aýly Diýar» binasy;
  • telefon belgisi: (+993 63) 60 06 22;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • web saýty: agg-lighting.com.

Şeýle-de okaň:

Fotoreportaž: GREENGO dükany - siziň öýüňiz we howlyňyz üçin döwrebap yşklandyryş

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň