Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen kompaniýalary myhmanhanalaryň halkara sergisine çagyrylýar

10:5223.07.2024
0
7475

Özbegistanyň Myhmanhanalar birleşigi türkmen işewürlerini 2024-nji ýylyň 8-10-njy oktýabry aralygynda Daşkentde geçiriljek «HORECA Uzbekistan» atly ilkinji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Özbegistan Respublikasynyň Syýahatçylyk komitetiniň goldawy bilen guraljak bu çäre myhmansöýerlik işewürliginde gazanylan üstünlikleri görkezmek we işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp platforma bolar.

Sergi Özbegistandan hem-de daşary ýurtlardan myhmanhana we restoran işewürliginiň öňdebaryjy wekillerini bir ýere jemlär.

Serginiň maksatnamasy şulary öz içine alýar:

Myhmanhana işewürligi üçin harytlaryň we hyzmatlaryň sergisi

· Maslahatlar we ussatlyk sapaklary

· Hünär bäsleşikleri

Dünýä aşhanalarynyň festiwaly

Serginiň bölümleri içerki dizaýny we hünär enjamlaryndan başlap, awtomatlaşdyryş we howpsuzlyk ulgamlaryna çenli köp sanly temany öz içine alýar.

Çäräniň çäginde 8-nji oktýabrda myhmanhana işewürliginde ýaşyl tehnologiýalara we sanlylaşdyrmaga bagyşlanan maslahat geçiriler.

Çakylyk ähli gyzyklanýan guramalara iberilýär.

Has giňişleýin maglumat üçin:

Web sahypasy: https://www.hoteliers.uz/page24475912.html

Telefon belgileri: +998 97 141-48-46; +998 97 144-48-47

E-mail: horecaexpo.uz@gmail.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň