Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar

11:5322.07.2024
0
10182

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Nýu-Delide geçirilýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisinde Türkmenistana wekilçilik edýär.

Çäre Hindistanyň iň uly konferensiýa merkezleriniň biri bolan Bharat Mandapam binasynda geçirilýär. Mejlise Bütindünýä miras komitetiniň 21 agza ýurdunyň wekilleri, şeýle hem 1972-nji ýylda kabul edilen Medeni we tebigy mirasy goramak hakyndaky Konwensiýanyň tarapdaş döwletleriniň synçylary gatnaşýarlar.

Çäräniň açylyş dabarasyna Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi we ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azule gatnaşdylar.

Çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, 23-25-nji iýul aralygynda Komitet eýýäm Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen 124 obýektiň saklanyş ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşar, olaryň içinden 57-si Howp astyndaky bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir.

26-29-njy iýul aralygynda obýektleri Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin 27 sany arzanyň üstünde işleniler. Arzalar tebigy, garyşyk we medeni obýektler toparlary boýunça serediler.

Bu forum Bütindünýä mirasy obýektlerini goramak we umumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýolunda möhüm ädimdir. Ol umumy medeni, tebigy we garyşyk mirasy gorap saklamak boýunça pikir alyşmak we bilelikde işlemek üçin dünýäniň dürli künjeklerinden wekilleri birleşdirýär.

Forumyň çäklerinde Çynar Rüstemowa medeni gymmatlyklary gorap saklamak we restawrasiýa etmek meselelerini öwrenmek boýunça halkara merkeziniň (ICCROM) baş direktory, şeýle hem ÝUNESKO boýunça Hindistanyň Milli komissiýasynyň baş sekretary bilen duşuşar, bu barada ÝUNESKO boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň