Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Kansleri Olaf Şols Drezden şäherinde elektrik awtoulaglaryna bagyşlanan dabarada häzire çenli lampaly telewizordan peýdalanýandygyny gürrüň berdi diýip, «Bild» neşirine salgylanýan «Rambler.ru» ýazýar.
«Bild» portalynyň maglumatlaryna görä, Kansler elektrik togunda işleýän ulaglaryň önümçiliginiň ösüşi barada çykyşynda awtoulaglaryň täze görnüşlerine geçmegiň gerekdigini nygtady.
Şols öz çykyşynda nemesleriň köneçildigini we täze tehnikany höwes bilen satyn alyp barmaýandygyny belledi. Ol özüniň hem enjamlary çalyşmakda ikirjiňlenýändigini we henize çenli geçen asyryň 80-nji ýyllarynda öndürilen lampaly köne telewizora seredýändigini boýun aldy.
Germaniýanyň Kansleri köne telewizorynyň gowy işleýändigini gürrüň berip, haçan-da täze enjamlary görende, olaryň barybir bir ýyldan köneljekdigi, onuň ornuna täzeleriň çykjakdygy barada pikirlenýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol täze enjam satyn almak isläp barmaýar. Onuň pikiriçe, ýurduň ýaşaýjylary-da şeýle pikir edýärler, şonuň üçin elektrik ulaglaryny edinmekden saklanýarlar.
«Emma barybir töwekgellik etmek we döwrebap ulaglary satyn almaga başlamak gerek» diýip, Şols watandaşlaryna maslahat berdi.