Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Baýden Prezident saýlawlarynda dalaşgärlik etmekçi däldigini yglan etdi

09:5522.07.2024
0
5427

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ýurduň Prezidentligine şu ýylyň 5-nji noýabrynda geçjek saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşmakçy däldigini sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi. Ol öz wezipe ygtyýarlylyklaryny möhlet tamamlanýança dowam etmekçidigini nygtady.

Baýden şu hepdede millete ýüzlenmesinde özüniň şeýle netijä gelmeginiň sebäplerini jikme-jik düşündirjekdigini habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

81 ýaşly Baýden şeýle-de özüniň Wise-Prezident Kamal Harrisi döwlet Baştutanynyň saýlawlarynda doly goldajakdygyny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň