18-nji iýulda Buharestde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, rumyn tarapyna Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Ana Tinka ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gün tertibiniň syýasy-diplomatik gatnaşyklar, söwda-ykdysady we medeni-bilim hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlar boýunça çuň mazmunly we özara gyzyklanma bildirilýän gepleşikler geçirildi. Taraplar sebit we halkara meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.
Wekiliýetleriň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga möhüm itergi berýän ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ähmiýetini bellediler.
Şeýle hem Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini Buharestde geçirmek barada ylalaşyldy. Şu nukdaýnazardan taraplar energetika, maglumat tehnologiýalary, suw hojalygy we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm geljegini nygtadylar.
Şol gün A.Gurbanow Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobesku bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler we 21-nji iýulda bellenilýän diplomatik gatnaşyklaryň 32 ýyllygy mynasybetli birek-biregi gutladylar. Iki ýurduň daşary işler ministrleri tarapyndan 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Lýuksemburgda gol çekilen 2024-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we Rumyniýanyň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky Hereketleriň maksatnamasynyň ähmiýeti nygtaldy.
Şol gün A.Gurbanow Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň Döwlet sekretary Adrian George Fogiş bilen hem duşuşdy. Hemmetaraplaýyn pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler ulag pudagynda ikitaraplaýyn iş toparlarynyň alyp barýan işleriniň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, şeýle hem «Global Gateway» başlangyjyny öz içine almak bilen ulag-üstaşyr geçelgeler pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar 2024-nji ýylda Buharestde dörttaraplaýyn (Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Rumyniýa) «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara ulag ýoluny döretmek hakynda hökümetara şertnamasyna gol çekmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
19-njy iýulda A.Gurbanow Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň Döwlet sekretary Gigel Paraskiw bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň nusga alarlyk derejesi, şeýle hem ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky gatnaşyklary öz içine almak bilen bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollary bellenildi. Rumyniýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim almak babatda tükmen ýaşlaryna döredilen mümkinçilikler üçin rumyn tarapyna hoşallyk bildirildi. Taraplar 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde «rumyn dili» hünärini açmak mümkinçiligini öwrenmek barada ylalaşdylar.
A.Gurbanow Rumyniýanyň Parlamentiniň Deputatlar palatasynda «Rumyniýa – Türkmenistan» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Karoli Kolçar bilen hem duşuşdy. Parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmek meseleleri duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň çäklerinde taraplar iki ýurduň parlamentarileriniň özara saparlaryny guramak tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigini tassykladylar, şeýle hem 2017-nji ýyldan bäri işleýän «Türkmenistan – Rumyniýa» parlamentara dostluk toparynyň işiniň ähmiýetine ünsi çekdiler.
Medeni hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, rumyn tarapy Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda meşhur rumyn şahyry Mihaý Emineskunyň ýadygärliginiň oturdylandygy üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi.
A.Gurbanow Rumyniýa amala aşyran saparynyň dowamynda Rumyniýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary bilen hem duşuşdy.