Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. TDH-nyň habar berşi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurtda ýerine ýetirilýän kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Hususan-da, milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 13-nji iýulynda geçirilen altynjy maslahatynyň jemleri barada habar berildi.
Bellenilişi ýaly, maslahatda degişli kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistanyň Býujet, Sanitariýa, Ilaty durmuş taýdan goramak kodekslerine, «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle hem Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil --- Adalatçynyň maglumaty diňlenildi.
Deputatlaryň gatnaşan we gatnaşýan çäreleri barada hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýtdy. Bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegiň zerurdygy bellenildi.
Soňra wise-premýerler öz gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy we peýdalanylmagy bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.