Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Matç TW» Ispaniýanyň çempionatyny göni ýaýlymda görkezmek hukugyny ýedi ýyllyk satyn aldy: bu çempionata Türkmenistandan nähili tomaşa edip bolar?

14:5418.07.2024
0
20681

Russiýanyň «Matç TW» teleýaýlymy şu gün resmi web saýtynda Ispaniýanyň futbol çempionatynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezmek üçin ýedi ýyllyk şertnama baglaşylandygyny habar berdi. Bu şertnama diňe bir La ligany däl, eýsem, Segunda ligany, Ispaniýanyň kubogyny we ýurduň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyklary hem öz içine alýar.

Türkmenistanly futbol janköýerleri üçin «Matç TW» teleýaýlymlar toparyna tomaşa etmegiň birnäçe ýoly bar. Şolaryň biri IP TV, ýene biri bolsa «Älem TW»-dir. Şeýle hem «Altyn asyryň» «Mobil TW» hyzmatyna abonent bolup hem teleýaýlymlara tomaşa edip bolar.

Türkmenistanda ispaniýanyň çempionatynyň duşuşyklaryna tomaşa etmek üçin başga mümkinçilikler hem bar. Ýurduň sport kanaly Irlandiýanyň «Setanta Sports» ýaýlymy bilen ylalaşyk esasynda bu çempionatyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň