Türkmenistanly meýletinçi Aral deňzi boýunça sebitleýin mejlise gatnaşdy

11:5117.07.2024
0
4731

Çernogoriýada BMGÖM-iň Aral deňzi boýunça taslamasynyň çäginde ýaşlar syýasaty babatynda hyzmatdaşlyk boýunça sebitleýin mejlis bolup geçdi. Bu çärede Türkmenistana meýletinçi Kasym Jumaýew wekilçilik etdi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, mejlis «Nesilleriň baglanyşygy: ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak we geljege gatnaşdyrmak» şygary astynda geçdi. Ol Ýewropadan we Merkezi Aziýadan ýaş meýletinçileri bir ýere jemledi.

Mejlise gatnaşanlar üç günüň dowamynda bilimlerini paýlaşdylar we dünýädäki ýaşlar guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen meşgul boldular. Maksatnama jebis gatnaşyklary we özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin zerur gurallar, bilimlerdir ulgamlar bilen üpjün etmek arkaly, ýaşlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň