Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» halkara maslahata hasaba alynmak başlandy

11:0716.07.2024
0
7975

2024-nji ýylyň 23 — 25-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek 29-njy halkara maslahaty we «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» (OGT 2024) sergisi üçin hasaba alyş başlandy. Çäräni «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy guraýar.

OGT 2024 guraýjylarynyň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, maslahatyň maksady energiýa pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebitleýin gepleşikleri güýçlendirmek we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr.

Geçen ýyl bu çärä 700-den gowrak wekiliýet gatnaşdy, olaryň 400-si 49 dürli ýurda wekilçilik edýän halkara derejeli wekillerdir.

Şahsy gatnaşmak üçin hasaba alyş 2024-nji ýylyň 13-nji oktýabryna çenli açykdyr. Guramaçylar hasaba alnan ähli wekillere wiza goldawyny berer.

Maslahata gatnaşmagyň şertleri barada has giňişleýin maglumaty çäräniň web sahypasyndan alyp bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň