Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy boldy

09:4715.07.2024
0
9480

Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu döredijilik çäresi hytaýlylary türkmen halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Týan Szýao teatrynda geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda saklanýan milli gymmatlyklaryň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.

Amaly-haşam sungatynyň, gadymy lybaslaryň, zergärçilik önümleriniň, dünýä ýüzünde şöhrat gazanan türkmen halylarynyň nepisligi, özboluşlylygy hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. Gadymy kümüş şaý-sepleri, dürli görnüşdäki zergärçilik önümleri, olaryň bezeg we reňkli daşlaryň sazlaşygynyň ajaýyplygy, şeýle hem ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň kümüş şaý-sepleri çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Soňra Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň alymlarynyň, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen, Aşgabadyň täsin tebigatly künjeginde gurlan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleri bilen bir hatarda, hytaý edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan nusgawy şahyr Du Funyň heýkeliniň hem oturdylmagynyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrülendigini bellediler.

Döredijilik duşuşygynda hytaýly alymlaryň behişdi ahalteke bedewleri baradaky çykyşlaryna-da giň orun berildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň çözgüdine laýyklykda, Hytaýyň «Shandong Zhonging Happiness Сentennial Investment» kompaniýalar toparynyň baş direktory, atşynas Ýang Weiking bu assosiaýa agzalyga kabul edilipdi. Hytaýly atşynasa agzalyk şahadatnamanyň gowşurylmagy hem döredijilik duşuşygynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Soňra Türkmenistanyň we HHR-iň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Konsertiň öňüsyrasynda iki dostlukly ýurduň wekilleri gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda türkmen we hytaý halklarynyň öňden gelýän ruhy arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen döredijilik forumyny guramak mümkinçiligi üçin iki dostlukly ýurduň Baştutanlaryna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň