Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekip, Resul Şyhdurdyýewiç Rejepowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesinden boşatdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany degişli Permana gol çekip, Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesine Nurmuhammet Baýramberdiýewiç Orazgeldiýewi belledi.