Fransiýaly daýhanlar öňdäki birnäçe ýylyň dowamynda ekinlerden pes hasyla garaşýarlar. Çabga ýagynlary, harasatlar, güýçli şemallar, yssy howa ilkinji nobatda bugdaý hasylyna zyýan ýetirdi. Onuň ýygymy eýýäm birnäçe gün bäri dowam edýär, emma hasyl garaşylanyndan has az diýip, «Euronews.com» ýazýar.
Endranyň oba hojalyk palatasynyň başlygy Nikolýa Paýýu şeýle gürrüň berýär:
«Biz häzir diňe 5,3 tonna bugdaý aldyk, adaty ýyllarda bu döwre çenli 7 tonna ýygnardyk. Hasyl adaty ýyldakydan tonna – bir ýarym tonna az. Ýyllar bir görseň, gurak, bir-de çygly gelýär. Nämälimlik ýagdaýy çylşyrymlaşdyrýar,sebäbi käbir ekine çygly howa ýaraýar, käbirine gurak howa».
Daýhanlar ählumumy maýlamanyň howanyň ýagdaýyny öňünden çaklamagy kynlaşdyrýandygyny aýdýarlar. Netijede, olar däne hasylynyň ortaça ýyllyk görkezijilerden 13-20 göterim az boljakdygyny çaklaýarlar.