Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Gyrgyzystana we Özbegistana eksporty artdyrýar

14:2112.07.2024
0
35473

Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet statistika gullugynyň habaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 20 million dollara ýetdi we 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 36% ýokarlandy. Bu barada «Bigasia» ýazýar.

Gyrgyzystandan Türkmenistana eksport 5,2%, Gyrgyzystana türkmen harytlarynyň importy 38,1% ýokarlandy.

Özbek statistika gullugy Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 23% ýokarlandygyny we şol döwürde 455,5 million dollara ýetendigini habar berdi. Türkmenistandan Özbegistana eksport 36% ýokarlandy we 407,5 million dollar boldy.

Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 7-nji ýeri eýeledi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň