Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewro ― 2024: Angliýa finalda Ispaniýanyň garşydaşy boldy

10:2511.07.2024
0
5538

Angliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Ýewropa çempionatynyň ýarymfinalynda Niderlandlaryň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňip, adyny finala ýazdyrmagy başardy. Duşuşyk Dortmund şäherinde geçdi.

Duşuşykda ýeňiji toparyň gollaryny 18-nji minutda Garri Keýn bilen 90+1-nji minutda Oli Uotkins geçirdi. Ýaryş bilen hoşlaşan ýygyndyda bolsa 7-nji minutda Hawi Simons tapawutlandy.

Angliýanyň ýygyndysy final duşuşygynda Ispaniýanyň garşydaşy bolar. Duşuşyk 14-nji iýulda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň