Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli futbol ýygyndysy Merkezi Aziýanyň kubogynda bäşinji orun üçin göreşer

12:1310.07.2024
0
11206

Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň çempionatynda nobatdaky garşydaşy belli boldy. Türkmen futbolçylary ýaryşyň bäşinji orny üçin Owganystanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Owganystanly futbolçylar «A» toparçada Gyrgyzystan we Täjigistan bilen ýaryşdy. Ilkinji duşuşygynda gyrgyz ýygyndysyndan 0:4 hasabynda asgyn gelen owgan futbolçylary ikinji duşuşygynda täjik ýygyndysyndan hem 0:1 hasabynda ýeňildi. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy bolsa «B» toparçada Özbegistanyň ýygyndysyndan 2:3, Eýranyň ýygyndysyndan bolsa 0:3 hasabynda ýeňildi.

Ýaryşyň bäşinji orny ugrundaky Owganystan – Türkmenistan duşuşygy 11-nji iýulda geçiriler. 12-nji iýulda bolsa üçünji orun ugrundaky we final duşuşyklary geçiriler.

U20 sebit çempionatynyň Gyrgyzystanyň Jalalabat şäherinde geçirilýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň