Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylyň birinji ýarymynyň iň gowy artist zenany belli edildi

10:1110.07.2024
0
11819

Britaniýaly pop-aýdymçy zenan Dua Lipa 2024-nji ýylyň birinji ýarymynyň iň meşhur aýdymçysy diýlip yglan edildi, onuň aýdymlary bütin dünýäde radio boýunça iň köp eşitdirilen aýdymlar boldy diýip, «360» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Bu ugurdaky sanawy üstümizdäki ýylyň ilkinji alty aýynyň jemlerine esaslanýan «Forbes» žurnaly düzdi. Aýdymçy zenanyň «Houdini» we «Training Season» aýdymlary bu döwürde iň köp diňlenen aýdymlar boldy hem-de radioçartlarda öňdeligi eýeledi. Şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlaryň onlugynda Lipanyň birbada birnäçe aýdymy ýerleşdi. Şeýle netijeler beýleki ýerine ýetirijileriň hiç birinde bolmandy.

Dua Lipanyň bäsdeşleri Beýonse, Teýlor Swift, Maýli Saýrus, Teddi Swims ýaly aýdymçy zenanlar boldy, olaryň aýdymlary-da iň meşhur kompozisiýalaryň sanawyna girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň