Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kanadanyň iň uzyn derýasynyň suwy yssy howa we guraklyk sebäpli rekord derejede çekildi

09:4910.07.2024
0
7741
Kanadanyň iň uzyn derýasynyň suwy yssy howa we guraklyk sebäpli rekord derejede çekildi
Surat: report.az

Kanadanyň iň uzyn derýasy bolan Makkenzi yssy we gurak howa sebäpli rekord derejede gurady. Bu barada CTV teleýaýlymyna salgylanýan «Report» habar berdi.

Hünärmen Raýan Konnoryň sözlerine görä, derýanyň suwy eýýäm 2 metr çekildi, ol, adatça, 50 santimetrden kän egsilmeýärdi.

Makkenzi derýasynyň uzynlygy 1738 kilometre deň bolup, ol ýurduň bäş günbatar sebitleriniň çäginden geçýär.

Kanadanyň Albert we Britan Kolumbiýasy ülkeleriniň köp ýerinde häzir 40 gradus yssy dowam edýär. Derýanyň suwunyň azalmagy bilen baglylykda, uzakda ýerleşýän ilatly ýerlere ýükleri daşamak kynlaşdy. Kanadanyň asyl oturymly halklarynyň ýaşaýan ýerlerine ulag ýollarynyň ýokdugy üçin ýük daşamalar suw arkaly amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň