Soňky habarlar

Arhiw

Oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işlemegi üçin «Şir Ýag» çalgy materiallary

11:4509.07.2024
0
9945

«Asuda akym» hojalyk jemgyýeti TRAC UTTO 10W30 hem-de TRAC STOU 10W30 ýaly oba hojalyk tehnikalary üçin ýörite öndürilen «Şir Ýag» çalgy materiallarynyň önüm hataryny hödürleýär.

TRAC UTTO 10W30 — bu ýokary öndürijilikli transmissiýa ýagy bolup, oba hojalyk we senagat tehnikalarynda transmissiýalarynyň, bort geçirijileriniň we gidrawliki ulgamlaryň talaplaryna laýyk gelmek bilen, ony ýokary derejede üpjün edýär. TRAC STOU 10W30 bolsa köptaraplaýyn ulanmaga niýetlenen, uniwersal görnüşli traktor ýagydyr.

Iki önüm hem ýokary temperatura ýygylygynda ajaýyp goragy, rahat işlemegi we ygtybarlylygy üpjün etmek bilen, ýokary hilli esaslyk ýaglaryň hem-de döwrebap tehnologik goşundylaryň esasynda döredilendir. Ýaglar köptaraply we dürli geçirişlerde, gidrawliki ulgamlarda we ýag bilen örtülen disk tormoz ulgamlarynda ulanmak üçin laýykdyr.

«Şir Ýag» önümleri awtoulag sürüjileri üçin Türkmenistanyň ähli ýerlerindäki ýöriteleşdirilen dükanlarda elýeterlidir.

Has giňişleýin maglumat almak üçin gyzyklanma bildirýänler «Asuda akym» HJ-niň Aşgabatdaky ofisine ýüz tutup bilerler: Täçmämmet Suhangulyýew köçesi, 43-nji jaý. Telefon belgisi: (+993 61) 41 32 72.

Çalgy materiallary baradaky maglumatlary kompaniýanyň siryag.com salgyly resmi web saýtyndan hem alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň