Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

SOKL çagalar üçin liderlik we oratorlyk ussatlygy okuwlaryna kabul edişligi açýar

14:3008.07.2024
0
11312

Moskwanyň biznes we liderlik mekdebiniň Aşgabatdaky şahamçasy SOKL çagalaryň «Çeýe başarnyklar» we «Köpçüligiň öňünde çykyş» okuwlaryna kabul edilip başlanandygyny yglan etdi. Bu özboluşly maksatnamalar diňe bir aragatnaşyk we garaýyşlaryňy beýan etmek endiklerini ösdürmäge däl-de, eýsem, çagalarda liderlik häsiýetlerini ýüze çykarmaga we başlangyçlara ruhlandyrmaga gönükdirilendir.

Mekdepde her bir çaganyň öz mümkinçiliklerini açyp, özüne ynamy bolan orator we täsirli lider bolup ýetişmegi amatly we howpsuz giňişlik döredilendir.

«Çeýe başarnyklar» okuwy 7 – 17 ýaş aralygyndaky çagalar üçin niýetlenendir. Bu okuwda çagalar topar bolup işlemegi, gapma-garşylyklary çözmegi we ýolbaşçylyk ukyplaryny ösdürmegi öwrenýärler.

«Köpçüligiň öňünde çykyş» okuwy 13 – 17 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin niýetlenendir. Bu okuw çagaňyzyň özüne bolan ynamyny artdyrmagyna, sahna we kamera gorkusyny ýeňip geçmegine hem-de döredijilik mümkinçiliklerini açmagyna kömek eder.

Okuwy gutarandan soň, gatnaşyjylar köpçüligiň öňünde ynam bilen çykyş edip bilerler.

Has giňişleýin maglumat almak we okuwlara ýazylmak üçin şy telefona jaň edip bilersiňiz (+993 71) 51 84 39. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň