Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow bilen Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi

14:3806.07.2024
0
16098

Şu gün hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we düýn günüň ikinji ýarymynda Aşgabada sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açan duşuşyk paýtagtyň «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirildi.

TDH-nyň habar bermegine görä, ikiçäk we giňeldilen düzümde geçirilen duşuşyklaryň dowamynda taraplar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek we pugtalandyrmak açyklyk, parahatçylyk söýüjilik we işjeň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýän Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň