Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolynda tomusky transfer möwsümi dowam edýär

12:4904.07.2024
0
8048

2024-nji ýylyň 1-nji iýulda Türkmenistanda tomusky futbol transfer penjiresi açyldy.

29-njy iýula çenli dowam etjek möwsümde Türkmenistanyň milli çempionatynyň Ýokary ligasynyň wekilleri oýunçy alyş-çalşygyny ederler.

Türkmenistanda transfer penjireleriniň hemişe-de işjeň geçýändigini nygtamak gerek. Her penjirede toparlar düzümlerini täze futbolçylar bilen güýlendirýärler. Şeýle hem bu döwürde käbir futbolçylarymyza daşary ýurtlaryň ligalary üçin hem gapylar açylýar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, 1-nji iýuldan türkmen futbolçylaryna has köp ynam bildirýän çempionatlaryň biri bolan Gyrgyzystanda hem transfer penjiresi açyldy.

Möwsümiň dowamynda toparlar özlerine haýry degjek oýunçylary düzüme goşup, tälimçileriň rugsady bilen, ozalky futbolçylarynyň käbiri bilen hoşlaşarlar. Esasan, hem öňümizdäki güýzde AFK-nyň ýaryşlaryna gatnaşjak «Arkadag» we «Altyn asyr» toparlarynyň düzümlerini has güýçlendirmek üçin hereket etmegine garaşylýar.

Soňky ýyllarda Ýokary liganyň wekilleriniň geljegine uly umyt bildirilýän ýaş futbolçylara hem uly ynam bildirýändigini aýtmak gerek. Olaryň netijeli oýunlaryna milli çempionatymyzyň birinji ýarymynda hem şaýat bolduk.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň