Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystana iş sapary başlandy

10:3004.07.2024
0
9250
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystana iş sapary başlandy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagy resmi adamlar ugratdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda nygtalyşy ýaly, täze taryhy eýýamda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada bolsa Gahryman Arkadagyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Bu babatda abraýly sebitleýin we halkara guramalar hem-de düzümler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu sammit Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýär.

Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde ŞHG-niň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Gahryman Arkadaga gül desseleri gowşuryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri howa menzilinden Döwlet kabulhanasyna ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň