Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystana ugrady

15:0203.07.2024
0
9888

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystana iş saparyna ugradyldy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.

Ýadygärligiň açylyş dabarasy Astana şäherinde geçirilimegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistan bilen Gazagystany asyrlarboýy adaty goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyryp gelýär, soňky ýyllarda bolsa bu iki dostluk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar medeni-ynsanperwer ugurlarda has-da ösýär.

Belläp geçsek, ýakynda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň