Abu Seýit Mäne baba binagärlik ýadygärliginiň peştagynda Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy M.Mämmedowyň ylmy ýolbaşçylygyndaky topar goraghananyň hünärmenleri bilen bilelikde ýörite taýýarlanan meýilnama esasynda tapgyrlaýyn rejeleýiş, berkidiş we ylmy öwreniş işlerini alyp barýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada bellenilýär.
Ýadygärlik Kaka demir ýol bekedinden 81 kilometr günorta-gündogarda, Mäne obasyndan 7 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Alymlar tarapyndan tassyklanan ylmy maglumatlara görä, ýadygärlik XI asyryň ortalarynda seljuk soltanlarynyň buýurmasy esasynda, Gündogaryň beýik akyldary, şahyr, keramatly pir Abu Seýit Abul Haýryň — Mäne babanyň (967 — 1049 ýý.) gubrunyň üstüne gurdurylypdyr. Kümmet şol döwürlere mahsus bolan 21-23x4 sm. ölçegli ýokary hilli bişen kerpiçden, arasyna ýörite taýýarlanan ak genç palçygy ulanylyp örülipdir. Taryhy maglumatlara görä, ýadygärlikde XIV-XV asyrlarda düýpli berkidiş-abatlaýyş işleri geçirilipdir. Alymlaryň çaklamalaryna görä, şol döwürlerde ýadygärligiň peştagy syrçaly bezegler bilen bezelipdir.
Uzak ýyllaryň dowamynda ýadygärligiň töwereginden peştaga dahylly hasap edilýän syrça bölekleriniň 800-e golaýy toplanyldy we reňkleri hem-de göwrümleri boýunça toparlara bölündi. Abu Seýit Mäne baba kümmetiniň peştagynda täzeden ölçeg almak hem-de surata düşürmek esasynda kompýuter arkaly çyzgy işleri ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda ornundan gaçan syrça bölekleriniň ozalky ýerleşen ýerlerini kesgitläp, olary ýerine oturtmak, yrga we jaýryk atan ýerlerini berkitmek, emele gelen boşluklary doldurmak işleri alnyp barylýar.
Peştagyň sag we çep ganatlarynda, şeýle hem arkanyň alynky tekiz gatlagyndaky çäklerinde ýörite angidrid garyndyly palçyk bilen berkitme işleri geçirildi. Munuň üçin ýörite taýýarlanylan (hek, owradylan bişen kerpiç gumy — şamot, angidrid, katolizator — gatadyjy jisim, paraloid 44 ýelimi) serişdelerden peýdalanyldy. Şol garyndy bilen, köp asyrlaryň dowamynda tebigy täsirler netijesinde peştagda emele gelen boşluklaryň birnäçesi dolduryldy.
Döwlet maksatnamasynda ylmy-öwreniş, arassalaýyş-berkidiş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýan ýadygärlikleriň biri-de Abu Seýit Mäne baba kümmetiniň ýanyndaky Hanaka metjidiniň galyndylarydyr. Bar bolan ylmy maglumatlara görä, ýadygärlik Mäne baba kümmetiniň garşysynda, takmynan, XIV asyryň ahyrynda, XV asyryň başlarynda gurlupdyr diýlip çak edilýär. Häzirki wagtda bütinleý diýen ýaly ýumrulan bu desganyň diwarlarynyň käbir bölekleri saklanyp galypdyr. 1926 — 1929-njy ýyllarda barlag işlerini geçiren rus arheology A.A.Semýonowyň, 1949-njy ýylda G.A.Pugaçenkowanyň ýazgylarynda hem ýadygärlik ýumrulan görnüşinde ýatlanylyp geçilýär. Onuň asyl nusgasynyň galyndylaryny belli rus alymy W.A.Žukowskiniň 1896-njy ýylda düşüren fotosuratynda we suratkeş K.S.Mişiniň 1902-nji ýylda çeken etýudynda görmek bolýar.
«Abiwerd» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleri milli müdirlik tarapyndan düzülen we tassyklanan meýilnama esasynda, ylmy-rejeleýiş ussahanasynyň rejeleýjileri bilen bilelikde, desgada arassalaýyş we berkidiş işlerini geçirýärler. Arhitektorlar tarapyndan, ilkinji nobatda, bu desganyň umumy meýilnamasy çyzylyp taýýarlanyldy. Şol meýilnama esasynda, diwarlaryň uzak asyrlaryň dowamynda ýer astynda galan galyndylary ýüze çykaryldy we berkidilmäge girişildi. Hanakany öwrenmek we berkitmek işleri täze açyşlar, taryhy tapyndylar esasynda rowaçlanýar.