Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Buharestde geçirilen Ýaş parlamentariler torunyň maslahatyna gatnaşdy

10:2402.07.2024
0
5270

2024-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Rumyniýanyň Buharest şäherinde ÝHHG Parlament Assambleýasynyň 31-nji ýyllyk mejlisiniň çäginde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Ýaş parlamentariler torunyň maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, maslahat «Ýaş parlamentarilere ygtyýarlyk bermek: energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek, daşky gurşaw we sanlylaşdyrmak ygtybarly we durnukly gelejek üçin» atly temada geçdi.

Onuň dowamynda ýaş parlamentarilere energiýa hyzmatdaşlygyny, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde mümkinçilikleri döretmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ÝHHG PA-nyň Ýaş parlamentariler torunyň dünýäde ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, duşuşyklary geçirmäge, birek-birek bilen pikir alyşmaga, täsirli geljege gönükdirilen ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen döredilendigini kanagatlanma bilen bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň