Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Modi Aşgabatda Rabindranat Tagoryň ýadygärliginiň açylmagy bilen gutlady

16:4901.07.2024
0
9158

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi Aşgabatda tanymal hindi şahyry we filosofy Rabindranat Tagoryň heýkeliniň açylmagyny öz ýurdy üçin uly hormat diýip atlandyrdy. Bu barada Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berdi.

Tagoryň ýadygärligi 18-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan giň gerimli medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşdirildi. Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän bu toplumda türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 60 metrlik ýadygärligi we dürli ýurtlardan meşhur şahyrlaryňdyr akyldarlaryň heýkelleri ýerleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň