Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewro ― 2024: 1/8 finalyň ilkinji duşuşyklary geçirildi

12:4501.07.2024
0
7611

Ýekşenbe güni Ispaniýa Gruziýany 4:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda ýeňiji toparyň gollaryny Rodri (39-njy minut), Fabian Ruis (51), Niko Uilýams (75) we Dani Olmo (83) geçirdi. Şeýle hem 18-nji minutda ispaniýaly goragçy Robin Le Norman öz derwezesine pökgi girizdi.

1/8 finalyň beýleki bir duşuşygynda Angliýa Slowakiýany 2:1 hasabynda ýeňdi. Çärýek finala çykan iňlisleriň gollaryny 95-nji minutda Jud Bellingem we goşmaça wagtda Garri Keýn geçirdi. Slowakiýanyň düzüminde bolsa 25-nji minutda Iwan Şrans tapawutlandy.

Mundan bir gün Daniýany 2:0 hasabynda ýeňen Germaniýa çärýek finala çykan ilkinji ýygyndy bolmagy başarypdy. Şol gün Şweýsariýa garaşylmadyk ýagdaýda häzirki çempion Italiýany 2:0 hasabynda ýeňip, ýaryşdan çykardy.

Şeýlelikde, Italiýa çempion bolandan soň, indiki ýaryşy 1/8 finalda tamamlan üçünji ýygyndy boldy. Mundan ozal ispaniýa 2016-njy ýylda, Portugaliýa bolsa 2020-nji ýylda şeýle şowsuzlygy başdan geçiripdi.

Çärýekfinal tapgyrynda 6-njy iýunda Angliýa Şweýsariýa bilen, Ispaniýa bolsa Germaniýa bilen güýç synanyşar.

Ýewro ― 2024-iň duşuşyklarynyň tertibi:
1/8 final

1-nji iýul, duşenbe

21:00 Fransiýa ― Belgiýa

23:55 Portugaliýa ― Sloweniýa

2-nji iýul, sişenbe

21:00 Rumyniýa ― Niderlandlar

23:55 Awstriýa ― Türkiýe.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň