Top.Mail.Ru

«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Hil ulgamynyň laýyklyk sertifikaty berildi

08:5301.07.2024
0
8064
«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Hil ulgamynyň laýyklyk sertifikaty berildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmeginiň bir ýyllygynyň giňden bellenilýän gününde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan Hil ulgamynyň laýyklyk sertifikaty berildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu sertifikat «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen ugur boýunça önümleriň hil ulgamynyň — ISO-9001-iň bellenen talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýar. Munuň özi kärhananyň öndürýän önümleriniň hil görkezijileri, şol sanda lukmançylyk ulgamyna degişli hil görkezijileri babatda ýokary talaplara laýyk gelýändiginiň güwäsidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň