Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Döwletmyrat Annaýew Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçiligine bellenildi

11:3328.06.2024
0
7725

«Ahalyň» baş tälimçisi Döwletmyrat Annaýew, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň hem baş tälimçisi bolar.

Annaýewiň tälimçilikde baý tejribesi bar. Ol 2019-njy ýylda «Köpetdag» bilen birinji liganyň çempiony boldy, soňra bolsa şol toparda Tofik Şukurowyň kömekçisi bolup işledi. Annaýew dürli ýyllarda «Aşgabada» we Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysyna hem ýardam berdi.

Ol Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçiligini häzirki wagtda «Aşgabada» tälim berýän Said Seýidowdan kabul edip aldy.

Türkmenistanyň futbol boýunça U-20 ýygyndysynyň 5 ― 12-nji iýul aralygynda Gyrgyzystanda geçiriljek Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşjakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň