Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tähranda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi

11:1928.06.2024
0
10543
Tähranda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi
Surat: report.az

Eýranyň paýtagty Tähranda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Bu barada «Report» ýazýar.

Mejlise Türkmenistanyň (wekiliýetiň başlygy – M.Atajanow), Azerbaýjan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – S.Şarifow), Eýran Yslam Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – A.Jahangiri), Gazagystan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – Z.Amanjolowa), hem-de Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýetiň başlygy – M.Petrakow) wekiliýetleri gatnaşdylar.

24 — 26-njy iýunda bolan duşuşyga Eýranyň wekiliýetiniň başlygy A.Jahangiri ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda taraplar Hazar deňzine göni girişi gurmagyň usulyýetini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirdiler.

Şeýle hem duşuşykda Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyga syn berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar mejlisi ýokary derejede gurandygy üçin Eýran tarapyna minnetdarlyk bildirdiler.

Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň indiki duşuşygy Gazagystanda geçiriler we seneleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň