Ulýanowsk sebitiniň işewür wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabada gelýär

13:5027.06.2024
0
14820

Ulýanowsk sebitiniň işewür wekiliýeti Türkmenistanyň paýtagtyna gelÿär. Bu «Ulpressa» habarlar agentligi habar berdi.

Wekiliýet binalaryň içerki bezeg esbaplaryny, gurluşyk materiallaryny, mebelleri, awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny we azyk önümlerini öndürmeklige ýöriteleşen sebitdäki ýedi kompaniýanyň wekillerini öz içine alýar.

«Meniň biznesin» merkeziniň başlygy hem-de wejikiýetiň ýolbaşçysy Ruslan Gaýnetdinow saparyň iki sany esasy maksadynyň bardygyny belleýär. Olaryň birinjisi, «Orta Wolga — Hazar deňzi — Pars aýlagy» söwda we logistika ýolunyň «gündogar ugry» boýunça hyzmatdaşlyk etmek, ikinjisi bolsa Ulýanowsk sebitiniň öndürijileriniň önümlerini türkmen bazaryna çykarmak bolup durýar.

Saparyň dowamynda logistika kompaniýalary, demir ýol edaralarynyň we deňiz portlarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bu sapar Ulýanowsk sebitindäki ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we täze söwda ýollaryny ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň bir bölegidir.

Bu başlangyjyň ýokary derejedäki ýolbaşçylar tarapyndan goldanylandygyny bellemek gerek. Hususan-da, Ulýanowsk sebitiniň häkimi bu iş saparynyň sebitiň ykdysady ösüşi üçin möhümdigini belläp, wekiliýetiň öňünde durýan wezipeleri hut özi kesgitledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň