Soňky habarlar

Arhiw

Medeniýet hepdeliginiň bäşinji gününiň esasy wakalary

13:1927.06.2024
0
11362

Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň bäşinjü gününde çäreler Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda dowam etdi. Bu ýerde «Kitaphanalaryň ylmy we usulyýet çärelerini döwrebap ýola goýmagyň hem-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary» atly maslahat we neşir önümleriniň sergisi guraldy.

Maslahata medeniýet ulgamynyň işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, muzeý we kitaphana işiniň hünärmenleri, ýazyjy-şahyrlar, mugallymlardyr talyplar, žurnalistler gatnaşdylar.

Sergide akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň durmuşy, döredijiligi barada ýazylan ylmy-köpçülikleýin neşirler görkezildi, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň kitaplaryna aýratyn orun berlipdir.

Soňra kitaphananyň mejlisler zalynda utgaşykly görnüşde Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň, Belarusuň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Rumyniýanyň kitaphana işi boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Kitaplary saklamak işini innowasion usulda ösdürmek, elektron neşirleri wagyz etmek, elektron maglumatlary, taryhy resminamalary, kitaplary uzak möhletleýin esasda saklamagyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasyny düzdi.

Soňra Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabaraly çäre türkmenistanly sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen tamamlandy.

Agşam Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda kino sungatyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy we Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde surata düşürilen «Kompozitor» atly çeper filmiň görkezilişi boldy diýip, TDH habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň